Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 28 February 2018 21:15

Welaýati:Eýran bilen Siriýanyň gatnaşyklary gün geçdigiçe berkeýändir

Welaýati:Eýran bilen Siriýanyň gatnaşyklary gün geçdigiçe berkeýändir
Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işleri boýunça maslahatçysy Eýran bilen Siriýanyň gatnaşyklarynyň doganlykly we ýygydygyna yşarat edip bu gatnaşyklaryň her gün geçdigiçe berkeýändigini nygtady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işleri boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati Tehranda Siriýanyň ogaf ministri Muhammet Al-sttaryň duşuşygynda soňky ýeňişiň golaýdygyna yşarat edip Siriýanyň milletine we döwletine urgy urmak niýeti bilen bu ýurdyň topragyna giren daşary ýurtly duşmanlara hemde içeriki duşmanlara Siriýa milletiniň we döwletiniň herne basym üstem çykmaklaryny umyt etdi.

Welaýati Siriýa uruşyny halkara bir uruş hasaplap 80 ýurdyň raýatlarynyň bu uruşa gatnaşandyklaryny nygtady.

Siriýanyň ogaf ministri Muhammet Al-sattar hem bu duşuşykda yslamy çydamyň gahrymanlarça dowam edýänligini nygtap Siriýa Eýranyň ýanyndadyr we iki taraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin gowy ädimleri ädilendir diýdi.

Siriýanyň ogaf ministri Eýranyň resmileri bilen duşuşyk geçirmek maksady bilen Tehrana gelendir.

Add comment


Security code
Refresh