Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 22 February 2018 21:30

Orsýet goşuny Siriýanyň Gündogar Guta sebitindäki ýaragly toparlary baş bozarlyklaryny ýazgardy

Orsýet goşuny Siriýanyň Gündogar Guta sebitindäki ýaragly toparlary baş bozarlyklaryny ýazgardy
Orsýet goşuny Siriýanyň Gündogar Guta sebitindäki ýaragly toparlar uruşy togtatmak we ýaragy taşlamak baradaky islegleri äsgeren däldirler diýip yglan etdi.

Reuters habarlar gullugynyň beren habaryna görä,öten agşam Orsýet goşuny bir beýannama boýunça Gündogar Gutadaky ýaragly toparlar harby bolmadyk Siriýalylaryň bu sebitden çykmaklarynyň öňüne geçýändirler diýip nygtady.

Siriýanyň Gündogar Guta sebitinde meseleleri gepleşikler arkaly çözmek syýasaty şowsyzlyga uçrandyr diýip Orsýet goşuny ýaňky beýannamanyň dowamynda getirendir.

Siriýanyň Gündogar Guta sebitinden bu ýurdyň paýtagty Damask şäheriniň we onuň töweregindäki ilat oturymly sebitlerine garşy hüjümleriň dowam etmeginden soňra Siriýanyň goşuny 4 gün mundan ozal Gündogar Gutadaky terrorçylary basgylamak niýeti bilen operasiýalaryna başlandyr.

şol bir wagtda Orsýetiň BMG-syndaky wekili Wasily Nebenziýa Howpsyzlyk Geňeşinden penşenbe güni Siriýanyň Gündogar Guta sebitiniň ýagdaýy barada maslahat geçirilmegini isledi.

Add comment


Security code
Refresh