Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 20 February 2018 21:31

Faisal Megdad:Afrinda Türkiýäniň harbylarynyň garşysynda durarys

Faisal Megdad:Afrinda Türkiýäniň harbylarynyň garşysynda durarys
Siriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bu ýurdyň demirgazygynda Türkiýäniň amala aşyrýan operasiýalaryna garşy göreşiljekdir diýip yglan etdi.

şu gün Rusiýa Al-Ýom habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Siriýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Faisal Megdad Türkiýäniň harbylarynyň Siriýanyň Afrin sebitinde amala aşyrýan hüjümleriniň garşysynda Damask döwletiniň durjakdygyny yglan edip Siriýanyň goşuny bu ýurdyň toprak bitewiligini gorajakdyr diýip nygtady.

Siriýanyň prezidentiniň syýasy we media işleri boýunça maslahatçysy Bosaina Şaban Türkiýäniň Siriýa garşy hüjümleriniň dowam etmegi terrorizme garşy göreşiň ugurynda kynçylyk döredip Siriýa dartgynlylygyny syýasy ýoldan çözmekligi hem yzyna oklandyr diýip nygtady.

şu gün Türkiýäniň döwlet baştutany Rejep Taýýp Ärdogan Türkiýäniň parlamentindäki Adalat we Galkynyş partiýasynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Türkiýe goşunynyň Siriýada Zeýtun Şahasy ady bilen amala aşyrýan operasiýasynyň dowamynda geljek günlerde Afrin şäheriniň merkezini gabap başlajakdygyny yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh