Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 04 February 2018 21:22

Amerikanyň Siriýa garşy toslamalary ýalandyr

Amerikanyň Siriýa garşy toslamalary ýalandyr
Siriýanyň daşary işler ministrligi bu ýurdyň Damaskyň gündogar Guta sebitinde himiki ýaraglary ulanmagy baradaky Amerikanyň toslamalaryny ret etdi.

Siriýanyň resmi habarlar gullugy Sanaň beren habaryna görä,Siriýanyň daşary işler ministrligi Amerikanyň Siriýa goşuny Damaskyň ýakynynda gozgalaňçylara we terrorçylara garşy himiki ýaraglary ulanandyr diýen toslamalary esassyz we ýalandyr diýip yglan etdi.

Amerikanyň bu aýyplamalary bu ýurdyň Siriýanyň içerisindäki ýaranlarynyň ýasama gürrüňleridir diýip Siriýanyň daşary işler ministrligi beýan etdi.

Amerika goşuny geçen ýylda hem Siriýanyň Edlip welaýatynyň Han Şeýhun sebitinde amala aşyrylan himiki hüjümde Siriýa döwletini aýyplap Al-Şoaýrat harby howa menzilini bombalady.

Siriýa döwleti bu ýurtda himiki ýaraglary ulanmagy ençeme gezek ret edendir we ony Siriýa döwletine basyş bermegi ugurynda ýasama bir toslama hasaplandyr.

Add comment


Security code
Refresh