Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 27 January 2018 20:55

Assad:Siriýa Eýran we Orsýetiň kömegi bilen terrorizme garşy söweşi dowam etdirjekdir

Assad:Siriýa Eýran we Orsýetiň kömegi bilen terrorizme garşy söweşi dowam etdirjekdir
Siriýanyň döwlet baş tutany Siriýanyň harby güýçleriniň terrorizme garşy göreşmekde gazanýan üstünliklerine yşarat edip,Siriýa halky dost ýurtlaryň we olaryň başynda Eýran we Orsýetiň hyzmatdaşlyklary bilen terrorizme gaşy söweşini dowam etdirjekdir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň ýörite maslahatçysy hemde Astana gepleşiklerine gatnaşyjy Eýranly toparyň wekili Huseýin Jaberi Ansari şu gün Damaskda Siriýanyň prezidenti Başar Assad bilen duşuşdy.

Siriýanyň resmi habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Siriýanyň prezidenti Başar Assad bu duşuşykda terrorizme garşy göreşmegiň dowam etdirilmegi Siriýa dartgynlylygyny parahatçylykly çözmek ugurda ýerligi taýýarlajakdygyny aýtdy.

Eýanyň daşary işler ministriniň ýörite maslahatçysy Huseýin Jaberi Ansari hem bu duşuşykda terrorizme garşy göreşde,durnuklylygy Siriýada berkarar etmek ugurynda hemde bu ýurdy gaýtadan abatlamakda Eýran döwletiniň we milletiniň goldawlarynyň dowam etjekdigini aýtdy.

Assad bilen Jaberi Ansari şeýle-de Eýran bilen Siriýanyň strategik gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.bu duşuşyk Ýanwar aýyň 29-30 günlerinde Orsýetiň Soçi şäherinde geçiriljek Siriýanyň milli gepleşikler kongressiniň bosagasynda amala aşandyr.

Add comment


Security code
Refresh