Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 27 January 2018 17:58

D mistura:Siriýanyň häkimiýetine hormat goýulmalydyr

D mistura:Siriýanyň häkimiýetine hormat goýulmalydyr
Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Steffan D Mistura zorlukly hereketleriň togtadylmagyny we Siriýanyň kämil häkimiýetine hormat goýulmagyny nygtady.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,öten agşam Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Steffan D Mistura Wenada Siriýanyň ýagdaýy barada howatyrlanma bildirip bu ýurtdaky bütin zorlukly hereketler togtadylmalydyr we Siriýanyň häkimiýetine,toprak bitewiligine,birleşigine we garaşsyzlygyna hormat goýulmalydyr diýip nygtady.

Wena gepleşikleriniň soňunda gürrüň beren Steffan D Mistura bu gepleşiklerden maksat Birleşen Milletler Guramanyň gözegçiligi astynda 2254-nji karar haty amala aşyrmakdyr diýip sözüne goşdy.

bu karar hat esasynda Siriýa ilaty Birleşen Milletler Guramanyň gözegçiligi astynda bu ýurdyň parlament we prezident saýlowlaryna gatnaşyp öz ykballaryny kesgitläp başarmalydyrlar diýip D Mistura aýtdy.

 

Add comment


Security code
Refresh