Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 25 January 2018 16:50

Ardogan:Amerika sebitdäki terrorçylary goldamakdan saklansyn

Ardogan:Amerika sebitdäki terrorçylary goldamakdan saklansyn
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardogan Amerikanyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Waşington döwletiniň sebitdäki terrorçy toparlary goldamakdan we olary ýaraga beslemekden el çekmegini isledi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkiýe bilen Amerikanyň prezidentleri Rejep Taýyp Ardogan  we Donald Tramp bu söhbetdeşlikde Zeýtun Şahasy atly operasiýasy şeýle-de Siriýa degişli meseleler hakynda gürrüň etdiler diýip Türkiýäniň prezidentlik gullugy bir beýannama boýunça yglan etdi.

Ardogan bu söhbetdeşlikde Siriýanyň Afrin şäherindäki terrorçy toparlary ýok etmek bilen Türkiýäniň milli howpsyzlygyny goramak ugurda hereket edýänligini yglan etdi.

Ardogan şeýle-de Siriýadaki terrorçy Kürt toparlaryň Amerika tarapyndan ýarag taýdan goldanmagyna soň berilmegini isledi.ol şeýle-de Afrin şäherindäki Türkiýe goşunynyň ýola berýän operasiýasynyň halkara kanunlara garşy gelmeýändigini we terrorizme garşy göreşmegiň çarçuwasyndadygyny aýdyp Zeýtun Şahasy atly operasiýasyndan maksat serhet sebitleriň howpsyzlygyny goramakdyr diýip toslady.

Siriýa döwleti Türkiýäniň Afrin sebitinde amala aşyrýan operasiýasyny el-gatmaklyk hasaplap bu hüjümi ýazgarýandyr.

Add comment


Security code
Refresh