Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 15 January 2018 20:37

Siriýanyň daşary işler ministrligi Amerikanyň harby hereketini ýazgardy

Siriýanyň daşary işler ministrligi Amerikanyň harby hereketini ýazgardy
Siriýanyň daşary işler ministrligi bir beýannama boýunça bu ýurdyň demirgazygynda täze militan güýji gurmak baradaky Amerikanyň baş goşan hereketini ýazgaryp bu hereketi Siriýanyň milli häkimiýetine açaçanlykda hüjüm edilmegi manysynda hasaplady.

Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Siriýanyň daşary işler ministrligi ýaňky beýannamasynyň dowamynda Amerikanyň Siriýanyň demirgazygynda amala aşyran hereketi sebit ýurtlaryny bölmek ugurdaky Waşingtonyň yzarlaýan syýasatlarynyň çarçuwasyndadyr diýmek bilen Amerika Arap milletlerine duşmançylyk etmäge aýak direýänligini äşgär edendir diýip nygtap geçdi.

Siriýanyň daşary işler ministrligi şeýle-de halkara köpçüliginden Amerikanyň Siriýa baradaky hereketini ýazgarmagyny isledi.

Şol bir wagtda Türkiýäniň prezidentiniň metbugat wekili Siriýa bilen Türkiýäniň araçäginde kurt militanlary ýerleşdirmek baradaky Amerikalylaryň tutan tutumynyň gaýtawulynda Ankara döwleti hem Siriýadaky harbylaryny daýandyrjakdygyny yglan etdi.

 

Add comment


Security code
Refresh