Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 07 January 2018 21:04

Eýranyň parlament topary Siriýanyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Eýranyň parlament topary Siriýanyň premýer-ministri bilen duşuşdy
Eýranyň parlament topary Damaskda Siriýanyň premýer ministri Imad Hamis bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Eýranyň parlament toparynyň başlygy Ahmet Salek şu gün Siriýanyň premýer-ministri Imad Hamis bilen geçiren duşuşygynda töňkelen uruşdan soňra düýp gurluşyklary ýaňadandan abatlamak ugurda Eýranyň gazanan tejribeleri Siriýanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine kömek etjekdir diýip nygtady.

Salek sözüniň dowamynda Tehran-Damaskyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtap Eýran bilen Siriýanyň dostlukly we doganlykly gatnaşyklary iki ýurdyň syýasy , ykdysady ,medeni we parlament hyzmatdaşlyklaryna gowy mümkinçilikleri döretjekdir diýip beýan etdi.

ol şeýle-de sebitde terrorçy toparlary goldamakda Amerika we Sionist režiminiň alyp barýan syýasatlaryny tankytlap Amerikanyň syýasaty sebitde dartgynlylygy güýçlendirmek we Sionist režimini goldamakdir şol sebäpden musulman ýurtlar agzybirlik bilen bu syýasat bilen garşylaşmalydyrlar diýip belläp geçdi.

Siriýanyň premýer-ministri Imad Hamis hem bu duşuşykda terrorçy DAEŞ toparyna garşy göreşmekde Eýranyň Siriýa milletine we döwletine beren goldawlaryna yşarat edip Eýran bilen Siriýanyň ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini zerur hasaplady.

Add comment


Security code
Refresh