Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 05 January 2018 20:55

Sabbag:Siriýa we Eýran bir toplumdadyr

Sabbag:Siriýa we Eýran bir toplumdadyr
Siriýanyň parlament başlygy Amerika we ýaranlary tarapyndan goldanýan terrorçylar bilen garşylaşmakda Eýran bilen Siriýanyň bir toplumda ýerleşýändiklerini aýtdy.

Irna habarlar gullugynyň berne habaryna görä,Siriýanyň parlament başlygy Hmude Sabbag Damaskda Eýran we Siriýanyň parlament dostluk toparynyň başlygynyň orunbasary Ahmet Salek bilen geçiren duşuşygynda Damask-Tehranyň sebitde terrorizmi ýok etmek we parahatçylygy berkarar etmek ugurda tagalla edýänligini nygtady.

Siriýanyň parlament başlygy şeýle-de terrorizme garşy göreşmekde Siriýanyň milletini we döwletini goldamagy babatly Eýran Yslam Respublikasyna minnetdarlygyny bildirmek bilen durmuşda Siriýanyň bütin topragyny terrorçylardan arassalamak we milli asudalygy berkarar etmegiň Damaskyň birinji meselesidigini aýtdy.

Hemade Sabbag sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýrana haýbat atmagyny we bu ýurdyň içeri işlerine goşulmagyny ýazgaryp Amerikanyň Sionist režiminiň bähbitleri esasynda hereket edýänligini belläp geçdi.

Eýran we Siriýanyň parlament dostluk toparynyň başlygynyň orunbasary Ahmet Salek hem bu duşuşykda soňky wagtlarda Eýrandaky gozgalaňçylaryň Amerika döwleti tarapyndan goldanmagynyň geň zat däldigini nygtap,Waşingtonyň halkara kanunlary aýak aşaga salyp başga ýurtlaryň içeri işlerine goşulmagy ýöneki bir meselä öwrülendir diýdi.

Salek şeýle-de Eýranyň Siriýanyň gaýtadan abatlaýyş tapgyrynda hem bu ýurdyň milletiniň we döwletiniň ýanynda boljakdygyny aýtdy.

Add comment


Security code
Refresh