Thursday, 31 August 2017 16:57

gurban baýramy hakynda

gurban baýramy hakynda

 

Gurban sözi arapçadan terjime edilende, ýakynlaşmagy aňladýan “k r b” kök işliginden ýasalan bolup, sözlükde Allatagala ýakynlaşdyrýan zat” diýen manyny berýär. Kuranda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Allatagala beren gurbanlary-da bu işlik bilen getirilýär.

Olaryň biriniň mal-garadan, beýlekisiniň bolsa ak ekinden gurban berendigi hakynda aýdylýar. Il içinde aýdylýan “gurbanyň bolaýyn”, “janym gurban bolsun” we “gurbanyň gideýin” ýaly sözler-de “gurban” sözüniň sözlükdäki ulanylyşydyr. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Hudaý ýoluna gurbanlyk berendigi barada agzalyp geçilýär. Bu gurbanlygyň ýer ýüzündäki ilkinji gurbanlyk bolan bolmagy ýa-da olaryň öz kakalaryndan öwrenip, gurbanlygy ýerine ýetiren bolmaklary mümkin. Şeýlelikde, gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atamyzdan bäri berjaý edilip gelinýänligi aýan bolýar.

 Gur­ban baý­ra­my Ys­lam älemi­niň hij­ri-ka­ma­ry ýyl ha­saby­na gö­rä Zil­hij­je (Gur­ban aýy) aýy­nyň 10-13-nji günlerin­de ge­çi­ril­ýän baý­ra­my­dyr. Ku­ran-y Ke­rim­de aý­dy­ly­şy ýa­ly, bu baý­ram hez­re­ti Yb­ra­ýy­myň sün­ne­ti hök­mün­de bel­le­ni­lip ge­lin­ýär.

Gurbanlyk Re­su­lal­lah (s.a.w.) tara­pyn­dan il­kin­ji ge­zek hij­re­tiň bi­rin­ji ýy­lyn­da Me­di­ne­de Al­lahyň em­ri dog­ru­syn­da äh­li möminle­re baý­ram hök­mün­de yglan edil­ýär we bu gün­ler­de baýram na­ma­zy­ny oka­mak we gurban­lyk kes­mek wa­jyp ky­lyn­ýar.

Ku­ran-y Ke­ri­miň iň köp üs­tün­de dur­ýan we hö­küm­le­ri­ni kes­git­län baý­ra­my bo­lan Gurban baý­ra­my, de­giş­li ha­dys­laryň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ýy­lyň iň ga­dyr­ly gü­nü­dir ýa-da ha­ýyr taý­dan are­fe gü­ni bi­len deň­dir. Are­fe gü­ni we Gur­ban baý­ra­my gün­le­ri esa­syn­da Ys­la­myň parzla­ryn­dan bi­ri bo­lan haj ybada­ty­nyň wagt­la­ry­dyr.

Gur­ban baý­ra­my, hez­re­ti Yb­ra­ýy­myň og­ly Ys­ma­ýy­ly (a.s.) gur­ban et­mek is­län, Je­nab-y Ha­kyň-da bir uly goç ibe­rip, ony ha­las eden gü­nün­de bel­len­ýär. Bu baý­ram­da Yb­ra­ýym py­gam­be­re goý­lan hor­mat ar­typ, Al­lah ug­run­da ja­ny we ma­ly pi­da et­mek­de, bu ýol­da sa­byr we mert­lik gör­kezmek­de ola­ryň nus­ga al­ma­ly­dy­gy ýe­ne bir ge­zek ýat­lan­ýar.

Re­su­lal­lah (s.a.w.) baý­ram ýe­ri­ne ge­len­le­ri gut­lap, baýram na­ma­zyn­dan soň­ra sa­da­ka hem sow­gat­lar be­rer eken, be­rilme­gini ün­där we bu berlenle­riň gü­näle­riň ba­gyş­lan­ma­gy­na se­bäp bol­jakdygyny aý­dar eken.

Gur­ban kes­mek maddy hal-ýag­da­ýy ýe­rinde bo­lan­lar üçin wa­jyp bo­lan bir di­ni jo­gapkär­çi­lik­dir.

Gur­ban kes­me­giň hik­met­le­ri

* Her yba­dat Al­la­nyň em­ri bo­lan­dy­gy üçin ber­jaý edil­ýär. Al­la­nyň em­ri­di­gi üçin amal edil­ýän her yba­dat­da bi­ze mä­lim ýa-da nä­mä­lim bir­nä­çe hik­met bar­dyr. Ku­ra­ny Ke­rim­de gur­ban yba­da­ty­nyň hik­me­ti şeý­le bil­di­ril­ýär: “Al­la­nyň öz­le­ri­ne ry­zyk hök­mün­de be­ren haý­wan­la­ry­ny so­ýan­la­ryn­da, Al­la­nyň ady­ny ýat­la­mak­la­ry üçin Biz her ym­ma­ta gur­ban yba­da­ty­ny ber­dik.”

* Gur­ban yba­da­ty­ny amal eden yn­san özü­niň Al­la­nyň emir­le­ri­ne bo­lan bag­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dy­rar, şü­kür bor­ju­ny ber­jaý et­mä­ge çal­şar.

* Gur­ban­lyk jem­gy­ýet­de do­gan­lyk, ar­ka­la­şyk, pi­dakär­lik we ýar­dam­laş­mak duý­gu­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­ýär.

Gur­ban kes­me­giň so­ga­by ba­ra­da so­ran bir sa­ha­ba söý­gü­li Py­gam­be­ri­miz: “Gur­ba­nyň her bir gy­ly üçin bir so­gap bar­dyr” di­ýip jo­gap ber­ýär.

* Al­la­nyň ra­zy­ly­gy üçin ke­si­len gur­ban­lyk ahy­ret­de ge­çil­me­si kyn bo­lan sy­rat köp­rü­sin­de eýe­si üçin mü­nel­ge bol­jak­dyr.

* Yba­dat­lar Al­la­nyň em­ri­di­gi üçin; her dür­li peý­da we hik­met­le­rin­den has mö­hü­mi, Al­la­nyň ra­zy­ly­gy­ny ga­zan­mak ni­ýe­ti bi­len amal edil­me­li­dir. Bu nuk­daý­na­zar­dan, gur­ban hem her dür­li şah­sy, jem­gy­ýet­çi­lik peý­da­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Al­la­nyň hoş­nut­ly­gy­ny we di­ňe Onuň ra­zy­ly­gy­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len ber­jaý edil­me­li yba­dat­dyr.

Gur­ban yba­da­ty­nyň şer­ti gur­ban edil­me­gi­ne rug­sat ber­len haý­wan­lar­dan bi­ri­ni gur­ban­lyk gün­le­rin­de kes­mek­dir. Bu se­bäp­den, gur­ban kes­mek ýe­ri­ne, gur­ban­lyk ma­ly di­ri­li­gi­ne ýa-da onuň ba­ha­sy­ny bir ga­ry­ba ýa-da ha­ýyr-sa­ha­wat eda­ra­sy­na ba­gyş­la­mak bi­len gur­ban yba­da­ty­nyň ber­jaý edil­di­gi bol­maz. Em­ma, gur­ban­lyk ma­lyň ba­ha­sy baş­ga bi­ri­ne ber­lip, öz ady­ňa gur­ban kes­di­ri­lip bil­ner.

Öz adyň­dan gur­ban­lyk kes­me­gi baş­ga bi­ri­ne hem tab­şyr­mak müm­kin. Ýag­ny, gur­ban yba­da­ty­ny ber­jaý et­mek is­le­ýän ki­şi öz ady­na gur­ban­lyk jan­ly­ny sa­tyn al­mak we kes­mek üçin ynam­dar bi­ri­ne we­kil­lik be­rip bi­ler.

Sy­gyr we dü­ýä­ni ýe­di ki­şä çen­li şä­rik bo­lup kes­mek müm­kin­dir. Em­ma go­ýun we ge­çi­ni di­ňe bir adam gur­ban ke­sip bi­ler, bu­lar üçin şä­rik bol­mak dog­ry ha­sap­lan­ma­ýar.  Sy­gyr ýa-da dü­ýe ma­ly­na şä­rik bol­ýan­la­ryň äh­li­si hem gur­ban­lyk ni­ýe­ti bi­len şä­rik bol­ma­ly, ara­la­ryn­dan bir ki­şi hem et al­mak ni­ýe­ti bi­len şä­rik­li­ge go­şul­ma­ly däl­dir.

Gur­ban­lyk mal Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji, ikin­ji we üçün­ji gün­le­rin­de ke­sil­ýär. Bi­rin­ji gün­de ke­sil­me­gi has so­gap­ly­dyr. Gur­ban kes­me­giň wag­ty baý­ram na­ma­zy­nyň okal­ma­gyn­dan soň­ra­dyr.

Hormatly Prezidentimiziň  aladasy netijesinde däp-dessurlarymyz we urp adatlarymyz has giňden öwrenilýär. Bu Gurban baýramy babatda-da şeýledir. Soňky ýyllarda bu baýrama täze öwüşgin berlip, ol has giňden bellenilýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy Gurban baýramy bilen gutlaýarys. Mukaddes Gur­ban aýynda berlen gurbanlyklar, edilen dilegler kabul bolsun!

 

More in this category: « maşgala we terbiýe hakynda

Add comment


Security code
Refresh