Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Tuesday, 04 July 2017 17:33

Astana gepleşiklerine gatnaşan Eýranyň wekiliýet toparynyň geçiren duşuşyklary

Astana gepleşiklerine gatnaşan Eýranyň wekiliýet toparynyň geçiren duşuşyklary

 

 

Astana gepleşiklerine gatnaşan Eýranyň wekiliýet toparynyň başlygy Hoseýin Jaberi Ansari Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretarynyň Siriýan işleri boýunça orunbasary Stefan De Mistura bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Astana gepleşiklerine gatnaşan Eýranyň wekiliýet toparynyň başlygy Hoseýin Jaberi Ansari bilen Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretarynyň Siriýan işleri boýunça orunbasary Stefan De Mistura bu duşuşykda Siriýa barada Ženewada we Astanada geçirilýän gepleşikleriň soňky ýagdaýy,atyşygy bes ediş karary, zorlukly hereketleriň togtadylmagy we Siriýada parahatçylygy berkarar etmek ugurdaky amaly çärelere garadylar.

Iki tarap Astana we Ženewa gepleşikleriniň birek-biregi kämilleşdirýändiklerini nygtap geçdler.

Astana gepleşiklerine gatnaşan Eýranyň wekiliýet toparynyň başlygy Hoseýin Jaberi Ansari bu duşuşykda Sirýada menjeşikleriň we çaknyşyklaryň ýatyrylmagy baradaky sebitleri ugurda bir ylalaşyga ýetilmegi ugurda BMG-iň tehniki kömekleriniň ýetirilip durulmagyny isledi.

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretarynyň Siriýan işleri boýunça orunbasary Stefan De Mistura hem bu duşuşykda Eýran,Orsýet we Türkiýäniň başlangyjy bilen Gazagystanyň paýtagty Astanada Siriýa barada geçirilýän epleşiklere BMG-iň goldaw berýänligini yglan etdi.

Add comment


Security code
Refresh