Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 28 June 2014 19:59

Siriýada terrorçy toparlaryň öz aralaryndaky çaknyşyklar dowam edýär.

Siriýada terrorçy toparlaryň öz aralaryndaky çaknyşyklar dowam edýär.

Terrorçy DAEŞ toparynyň agzalary , tekfiri terrorçy bir topar bolan Jeýş Al-Islam toparynyň birnäçe agzasyny atyp öldürdiler.

 

Liwanda çapdan çykýan Al-Akhbar gazeti, Jeýş Al-Islam toparyna ýakyn bir çeşmä salgylanyň DAEŞ-iň adamlary, Jeýş Al-Islam toparyndan ýesir alan adamlarynyň birnäçesini atyp öldürdi şol sebäpli Jeýş Al-Islam topary Siriýanyň günortasynda ýerleşen we DAEŞ-iň kontroly astynda bolan  Masraba we Duma aralygyndaky sebite hüjüm etdiler diýip ýazdy.

Çaknyşykda her iki tarapdan ençeme adam ölüpdir.

Bu gazet Siriýadaky terrorçy toparlaryň özara agzalalyklarynyň we çaknyşyklarynyň dowam edýändigini ýazdy.Siriýadaky terrorçy toparlar käbir ýurtlaryň tarapyndan şol sanda Arabystanyň, Kataryň we Türkiýäniň tarapynda maliýe we ýarag enjamlary taýdan goldanýarlar.

Add comment


Security code
Refresh